Russiýa Ukrainanyň S-200 raketalary bilen hüjüm guramaga synanyşandygyny aýtdy

Russiýa Ukrainanyň S-200 raketalary bilen hüjüm guramaga synanyşandygyny aýtdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowa Russiýanyň Harby howa-kosmos güýçleri tarapyndan berilen habarnamada 4 ukrain ballistik raketasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ukrainanyň düýn S-200 raketalary bilen Krym, Rostow we Kaluga sebitlerindäki nyşanalara hüjüm guramaga synanyşandygy we Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň şol hüjümleriň öňüni alandygy bellenen beýanatda: "Howa goranyş raketa ulgamlarymyz 2 sany S-200 raketany, elektron harby ulgamlarymyz bilen bolsa ýene-de 2 raketany täsirsiz ýagdaýa getirdi. Adam pidalary we ýitgi çekilmedi" diýip habar berildi.

Beýanatda Gerasimowyň iň gysga wagtda howa hüjümlerine garşy goranyşy güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleriň görülmegi barada görkezme berendigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Prigožiniň öldürilmegi we netijeleri
Putin rus serkerdeler bilen duşuşyk geçirdi
Wagneriň pitnesi we onuň ähtimal netijeleri
Praýs Russiýanyň Yzgiderli Serkerde Çalyşmagyny Dälilige Meňzetdi
Peskow: "Ukrainadaky maksatlar üýtgemedi" diýdi
Baş ştabyň başlygy Akar rus kardeşi Gerasimow bilen duşuşdy