Russiýa Ukrainanyň Odessa sebitine hüjüm gurady

Russiýa Ukrainanyň Odessa sebitine hüjüm gurady

Odessa sebitiniň Harby dolanşyk edarasynyň başlygy Oleg Kiper sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň şu gün takmynan 3 sagadyň dowamynda Odessanyň Izmail etrabyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümde oba hojalyk edarasynyň 1 işgäriniň ýogalandygyny aýdan Oleg Kiper: "Birnäçe ýaşaýyş zolagynda weýrançylyk we ýangyn başdan geçirildi. Ammarlara, administratiw binalara we oba hojalygy kärhanalary ýaly port we oba hojalyk infrastrukturasyna zeper ýetdi" diýip mälim etdi.

Kiýew şäheriniň harby dolanşyk edarasynyň başlygy Sergeý Popko hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Х-101/555/55 kysymly ganatly raketalar bilen paýtagt Kiýewe hüjümler gurandygyny aýan etdi.

Kiýew ugrundaky ähli rus raketalarynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Popko, adam pidalarynyň we weýrançylygyň başdan geçirilmändigini beýan etdi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçlerinden berilen beýanatda bolsa, Russiýanyň 6-njy awgustda gije Ukrainanyň territoriýasyna raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Jemi 7 sany Х-101/Х-555/Х-55 kysymly ganatly raketa, 1 sany Iskender-M ballistik raketa we 25 sany Şahed-136/131 kysymly uçarmansyz howa ulaglarynyň anyklanandygy bellenen beýanatda, Ukrainanyň howa goranyş güýçleriniň 7 sany ganatly raketany, 1 ballistik raketany we 15 uçarmansyz howa ulagy bolmak bilen jemi 23 nyşanany täsirsiz ýagdaýa getirendigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Russiýanyň we Ukrainanyň biri-birlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň Dron Bilen Hüjüm Gurandygyny Habar Berdi
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Tutuş Ukrainada sirenalaryň sesi ýaňlanmaga başlady
Russiýa Kursk Hüjümi Günbataryň we ABŞ-nyň Goldawy Bilen Guralandygyny Öňe Sürýär