Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Çigari ýaşaýyş zolagyny basyp aldy

Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Çigari ýaşaýyş zolagyny basyp aldy

Rus goşunynyň Ukrainadaky front liniýasynda amatly pozisiýalary ele geçirmäge dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Rus harby birikmeler Donetsk Halk Respublikasynyň Çigari ýaşaýyş zolagyny azat etdi we front liniýasyndaky taktiki pozisiýalaryny gowulaşdyrdy" diýip habar berildi.

Ukrainanyň goşunyna degişli 31 sany uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda: "Harby operasiýanyň başlangyjyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 626 uçar, 277 dikuçar, 27 müň 314 uçarmansyz howa ulagy, 540 howa goranyş raketa ulgamy, 16 müň 521 tank we sowutly ulag, 1366 köp nilli raketa ulgamy, 11 müň 516 gaubisa we minomýot bilen 23 müň 410 ýörute harby ulag ýok edildi" diýip mälim edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Ukrainanyň Razwedka gullugynyň rus "Тu-22М3" harby uçaryny almak bilen bilen bagly operasiýasynyň öňüniň alynandygy beýan edildi.

Ady agzalan operasiýanyň taýarlyk tapgyryna NATO agza ýurtlaryň razwedka gulluklarynyň kömek berendigi öňe sürülen beýanatda: "Ukrainanyň Razwedka gullugynyň uçarmandan puluna uçary Ukrainanyň territoriýasynyň çäklerine gondurmagyny isledi" diýip aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Yrakda PKK bilen arabaglanşykly partiýalar gadagan edildi
Diýarbakyrda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi