
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn Ukrainanyň territoriýasyndan Belgorod sebitindäki elementlere ATACMS raketalary bilen hüjüm guralandygy mälim edildi.
Sebite atylan 6 ATACMS raketasynyň Rus howa goranyş rekata ulgamlary tarapyndan hatardan çykarylandygy bellenen beýanatda, hüjümde ýogalan adamlaryň we çekilen zyýanyň bolmandygy aýan edildi.
Beýanatda Ukrainanyň şol hereketlerine degişli jogabyň beriljekdigi bellenip: "Russiýanyň Goranmak ministrligi jogap bermek maksady bilen çäreler görer" diýip beýan edildi.
Geçen ýyl ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň Ukrainanyň Russiýanyň çägine uzak aralykly ýaraglar bilen hüjüm guramagyna rugsat berendikleri habar berilipdi.
Ukraina wagtal-wagtal ATACMS we Storm Shadow raketalary bilen rus territoriýasyna garşy hüjümler guraýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi olara jogap hökmünde Ukrainanyň energiýa desglaryna ýokary takyk ýaraglar bilen hüjüm guraýandygyny mälim edipdi.