Russiýa, Ukrainadan Çekilmegi we Söweşiň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berildi

Russiýa, Ukrainadan Çekilmegi we Söweşiň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berildi

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşinde käbir ýurtlar Russiýa, Ukrainadan çekilmegi we söweşiň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň 2-nji ýylynda nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Stefan Ježurn, Ukrainadaky söweşi diňe Russiýanyň isleýändigini nygtap, “Bu söweş kanunlara we BMG-nyň düzgünine bap gelmeýär” diýdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron bolsa Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini BMG-na agza özygtyýarly ýurdy basyp almakda günäkärledi.

BMG-na agza ýurtlaryň serhetleriniň bolzulmajakdygyna ünsi çeken Kameron “Şol sebäpli hem Putiniň ýeňilmegi üçin elimizden geleni etmeli” diýdi.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Linda Tomas Grinfild hem, halkara jemgyýetçiliginiň Ukraina goldaw bermäge dowam etmelidigini belledi.

Ukrinanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bolsa “Russiýa indi harby jenaýat etmek bilen tanalýar” diýdi.

Kuleba, birlikde hereket edilen halatynda hüjümiň bes ediljekdigini we halkara derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýuljakdygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi
Wagner Bahmut Sebitinden Çekilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
ÝÇL: çärýek finalçylar garşydaşlaryny bildiler
Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 14 Adama Ýetdi