Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sibiga, X hasabyndan beren beýanatynda, Rus goşunynyň gije Ukrainanyň Odessa şäherindäki porta raketaly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Raketalaryň portdaky raýat gämisine degendigini aýdan Sibiga, hüjümde 5 adamyň ýogalandygyny we 9 adamyň hem ýaralanandygyny malim etdi.

Sibiga beýanatynda, ähli döwletleriň Russiýanyň hüjümlerini ýazgarmagyny we global azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin işe girişmeklerini talap etdi.

Ukrainanyň Ýaňadandan gurmakdan jogapkär premýer-ministriniň orunbasary we Jemgyýetler hem-de Sebitleri Ösdürmek ministri Oleksiý Kuleba hem Telegram kanalyndan beren beýanatynda, Panama döwletiniň baýdagyny göterýän "Shui Spirit" atly konteýner gämisine guralan raketaly hüjümde zeper ýetendigini aýan etdi.

Kuleba beýanatynda, "Bu, Russiýanyň soňky dört günüň dowamynda hüjüm guran üçünji daşary ýurt gämisidir" diýip belledi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Baş Ştaby, Goranmak Güýçleriniň Russiýanyň Krasnodar sebitinde "Şahed" görnüşli uçarmansyz howa ulagynyň saklanylýan desgasna hüjüm gurandygyny öňe sürdi.

Beýanatda, desganyň ýok edilmeginiň Russiýanyň, Ukrainanyň şäherlerine we obalaryna hüjüm guramak mümkinçiligini ep-esli azaltjakdygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "Luganskda we Donetskde 2 ýaşaýyş zolagynyň gözegçilikleirni ele geçirdik" diýdi
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
Zelenskiý Russiýanyň Hüjümleri Hayknda Beýanat Berdi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Tramp Netanýahuny gutlady