Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň harby güýçleri Ukrainanyň ençeme ýerine hüjümler gurady. Hüjümlerde 20 adam ýogaldy.

Ruslar raketalar bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki Ohmatdyt çagalar hassahanasyny nyşana alyp hüjüm gurady.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýogaldy, azyndan 25 adam ýaralandy. 9-dan gowrak çaga ýumrulan binanyň harabalyklarynyň aşagynda galdy.

Kriwoý-Rog şäheriniň nyşana alynyp guralan hüjümde 10 adam ýogaldy, 31 adam hem ýaralandy.

Ruslar raketalar bilen Ukrainanyň gündogaryndaky Pokrowsk şäherine hüjüm gurady.

Raketalaryň biriniň senagat zolagyna degmegi netijesinde 3 adam ýogaldy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda rus harby birikmeleriň Donetsk sebitindäki Çiragi ýaşaýyş zolagyny basyp alandyklary habar ebrilipdi.

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Ukrainanyň Razwedka gullugynyň rus "Тu-22М3" harby uçaryny almak bilen bilen bagly operasiýasynyň öňüniň alynandygy beýan edilipdi.

Ady agzalan operasiýanyň taýarlyk tapgyryna NATO agza ýurtlaryň razwedka gulluklarynyň kömek berendigi öňe sürülen beýanatda: "Ukrainanyň Razwedka gullugynyň uçarmandan puluna uçary Ukrainanyň territoriýasynyň çäklerine gondurmagyny isledi" diýip aýdylypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Çigari ýaşaýyş zolagyny basyp aldy
Russiýanyň Döwlet film gaznasy 40 filmi, şol sanda Çapaýewi sanlylaşdyrýar
Diýarbakyrda PKK-a agza iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi