Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, rus goşunynyň Harkowdaky raýat desgasyna hüjüm gurandygyny habar berdi.

Gurluşyk harytlaryny satýan söwda merkeziniň nyşana alynandygyny aýdan Zelenskiý, hüjümiň netijesinde ýangynyň bolan söwda merkeziniň içinde şol mahal köp sanda işgäriň we müşderiniň bolandygyny mälim etdi.

Harkow sebitiniň Harby edarasynyň başlygy Oleg Sinegubow hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, söwda merkezine 2 sany ugrukdyryjyly howa bombasy bilen hüjüm guralandygyny, hüjümde azyndan 11 adamyň ýogalandygyny, 40 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Oleg Sinegubow hassahanada bejergi astyna alynan ýaralanan adamlaryň 2-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny, 1 adamyň hem janynyň howp astyndadygyny aýan etdi.

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Ýaragy güýçleriniň köp nilli raketa ulgamlary bilen Oktýabr obasyna hüjüm gurandygyny, hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi
Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam hökmünde hasaba alyndy
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär