Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Dartgynlygyň güýç merkezi eýýäm ençeme wagt bäri Ukrainanyň Harkow sebiti bolmagynda galýar.

Russiýanyň Harkowa guran howa hüjümlerinde azyndan 10 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Harkow sebitindäki Staritsa ýaşaýyş zolagy hem ruslaryň gözegçiligine geçdi.

Front liniýasynda çaknyşyklar dowam etmek bilen birlikde, Ukrainanyň Wowçansk şäheriniň golaýyndaky obalarda ýaşaýan adamlar ewakuasiýa edilmäge başlandy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň düýn gije Russiýanyň günortasyndaky Slawýanskda nebiti gaýtadan işleýän zawody nyşana alandygyny habar berdi.

6 aýry uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçan nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işleri wagtlaýyn duruzyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Krymyň howa giňişliginde Ukraina degişli Amerikan önümi bolan 12 sany ATACMS raketasynyň we azyndan 103 uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylandygyny mälim etdi.

Ukraina bolsa Rus Gara deňiz flotyna degişli mina saplaýyş gämisiniň ýok edilendigini aýan etdi.

Ukrainanyň lideri Wladimir Zelenskiý Russiýanyň hüjümlerini artdyryp biljekdigini beýan etdi.

Zelenskiý Ukrainanyň goşunyndaky esgerleriň sanynda we harby ruhlarynda meseleleriň bardygyny kabul etdi, bar bolan harby birikmeleriň bir böleginiň boşdygyny mälim etdi.

Zelenskiý Günbatar ýurtlaryndan has köp kömek berilmegini talap etdi. Russiýa bolsa Ukraina goldaw berýän ýurtlara garşy göçümler etmäge başlady we Germaniýa garşy ykdysady çäreler görmäge başlady.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Zelenskiý Russiýanyň Hüjümleri Hayknda Beýanat Berdi
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Ukraina sürüjisiz deňiz ulagy bilen Krymda Russiýanyň "Saturn" gämisine hüjüm gurady