Waşington şäherindäki Linkoln ýadygärliginiň öňünde ýygnanan demonstrantlar, ellerindäki Ukrainanyň baýdagy we Russiýany ýazgarýan ýazgyly şygarlar bilen söweşi protest etdiler.
Demonstrasiýa gatnaşan ABŞ-nyň Halkara Galkynyş agentligniň dolandyryjysy Samanta Power ol ýerde eden çykyşynda, ABŞ hökmünde Ukrainanyň ýanynda durmaga dowam etjekdiklerini habar berdi.
Power: "Ukraina ýaňadandan aýdýaryn, ýeňiş gazanýarsyňyz. Diňe topraklaryňyzy däl, iň adaty hukugyňyz bolan öz ykbalyňy kesgitlemek hukugyny gazanýarsyňyz. ABŞ ahyryna çenli hemişe ýanyňyzda bolar" diýip belledi.
Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherindäki Parom binasynyň öňünde hem aglabasy ukrainalylardan we eýranlylardan ybarat onlarça adam Ukraina bilen raýdaşlyk demonstrasiýasyny geçirmek üçin bir ýere jemlendiler.
Demonstrasiýada Ukrainanyň baýdaklary bilen birlikde söweşe garşy we Ukraina goldaw berilýän ýazgyly şygarlar göterildi.