Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt gözlenýär

Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt gözlenýär

Awstriýanyň Daşary işler ministri Karin Knaýsl hem Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt tapmak meselesinde ýygy-ýygydan öň hatara çykýan ýurduň Türkiyedigi baradaky garaýyşa goşulýar.

Şweýsariýanyň we Awstriýanyň indi bitaraplygyny ýitirendigine ünsleri çeken Karin Knaýsl: "Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilmegi ähtimaly parahatçylyk gepleşikleri Türkiyede amala aşyrylmagy ähtimal" diýip habar berdi.

Ukrainanyň gündogary takmynan 14 aý bäri oduň içinde. Russiýa bikanun ýagdaýda anneksiýa eden sebitlerinde gözegçiligi ýola goýmaga synanyşýar.

Beýleki tarapdan bolsa iki ýurduň arasynda ýesir çalşygy amala aşyryldy. 106 rus esger we 100 ukrainaly esger azat edildi. Russiýanyň bikanun ýagdaýda saklan 24 ukrainaly çaganyň hem Herson sebitine getirilendigi habar berildi.

ABŞ-dan Russiýada göz tussaglygyna alynan amerikaly žurnalist bilen bagly beýanat berildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Döwlet sekretary Entoni Blinken Ewan Gerşkowiçiň bikanun ýagdaýda Russiýa tarapyndan tussag edilendigi barada karara geldi" diýip mälim edildi.

Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklar içinde bolan Minsk tarapyndan bolsa garaşylmadyk beýannama berildi.

Belarussiýanyň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren duşuşygynda bolup biljek howplaryň üstünde durup geçdi.

Lukaşenko: "Olar ýaly ýagdaýda Belarussiýany öz topraklaryňyz ýaly goramalydyrsyňyz" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Çempion özüni dürsäp başlady
Britaniýaly Ewans 40 günde Atlantik ummanyny kürekläp geçip, rekordy täzeledi
Atlantik ummanyny ýüzüp geçdi
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Säheriň sport täzelikleri