Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Harkow sebitinde günbatarly ýurtlardan gelen 50-ä golaý harby hünärmeni, Iskender-M kysymly balistiki raketa bilen täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini mälim etdi.
Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Iskender-M taktiki balistiki raketa ulgamy bilen Harkow sebitiniň Dergaji etrapçasynda günbatarly ýurtlardan gelen harby hünärmenleriň we hakyna tutma esgerleriň bolýan wagtalýyn merkezine hüjüm guraldy. Hüjümde 50-ä golaý daşary ýurtly hünärmen öldürildi” diýildi.
Russiýanyň Krasnodar sebitiniň gubernatory Kondratýew bolsa, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň, Kawkaz portundaky gämä uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.
Kondaetýew, sosial mediadan beren habarnamasynda, hüjüm sebäpli ýangynyň bolandygyny, hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny aýan etdi.
TASS habarlar gullugynyň, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýolbaşçylaryna esasalanýan habarynda, hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy, Belgorod sebitinde metjidi oda bermek üçin taýarlyk görýän 2 adamyň tussag edilendigini habar berdi.