Ministrligiň beýan etmegine görä serhetýaka etraplarynyň goralmak üçin Belgorodda, Kurskda we Brýanskda 3 harby birikme döredildi.
Russiýanyň Goranmak ministri Andreý Belousow serhetýaka etraplarynyň harby howpsuzlygy boýunça geçirilen maslahatda 3 sebitiň ýolbaşçylary, harby birikmeleriň ýolbaşçylary we ministrligiň degişli ýolbaşçylary bilen 24 sagadyň dowamynda gönüden aragatnaşygyň ýola goýulandygyny beýan etdi.
Utgaşdyryjy geňeşiň her bir borjy üçin gündelik işlerden jogapkär bir ýolbaşçynyň bellenendigine ünsi çeken Belausow; “Meseläniň ýerinde çözülmegi mümkin däl bolsa, gönüden maňa getiriler we karary men bererin” diýdi.
Belausow şeýle hem Russiýanyň Baş Ştabynyň resmisi bilen Belgorod, Kursk we Brýansk harby birikmeleriniň serkerdeleriniň sebitde ýaşaýan raýatlaryň hem-de sebitleriň uçarmansyz howa ulaglaryndan we beýleki hüjümlerden goralmagyndan jogapkärdigini beýan etdi.
Ukrainanyň goşunynyň 6-njy awgustda Russiýanyň Kursk oblastyna girmegi sebäpli iki goşunyň arasyndaky çaknyşyk dowam edýär.