Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, X hasabyndan beren beýanatynda, rus goşunynyň ýurduna howa hüjümlerini gurandygyny habar berdi.
Düýn gije we irden Kiýew şäheri başda bolmak bilen ýurduň tapawutly sebitlerine howa hüjümleriň guralandygyny aýdan Zelenskiý: "Russiýa Ukraina gijäniň dowamynda ballistik raketalar bilen birlikde jemi 35 raketa we 23 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady" diýip mälim etdi.
Zelenskiý bütin dünýäniň rus hüjümlerine garşy durmaga çagyrdy.
Kiýewe garşy guralan hüjümlerde Krym awtonom respublikasynyň Musulmanlar dini edarsyna degişli metjitlere we Yslam medeniýet merkezine zyýan ýetendigini aýdan Zelenskiý rus goşunynyň Ukrainadaky ybadathanalary nyşana alyp hüjüm guraýandygyny aýan etdi.
Zelenskiý: "Russiýanyň ruhy we adamzat gymmatlyklaryna we hiç bir dine we ynanja hormady ýok. Ukrain halkyna garşy ýok etmek kampaniýasyny dowam etdirýär, ähli jemagatlarymyzy we hatda mukaddes ybadat ýerlerimizi hem ýok etjek bolýarlar" diýip beleldi.
Rus hüjümleriniň berk ýagdaýda ýazgarylmagynyň gerekdigini aýdan Zelenskiý, halkara jemgyýetiň berk çäre görmeginiň gerekdigini beýan etdi.
Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň başlygy Sergeý Popkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Kiýewe garşy guralan hüjümlerde 3 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, rus goşunynyň düýn gije Ukrainanyň Sumy şäherine howa hüjümini gurandygyny mälim etdi.
Beýanatda hüjümde Sumy şäherindäki Çagalaryň sosial we psihologiki bejeriş merkezi we çagalar öýi bilen birlikde 6 aýry binanyň nyşana alynandygy bellenip: "Ilkinji kesgitlemelere görä 6-sy çaga bolmak bilen jemi 18 adam ýaralandy" diýip habar berdi.