Russiýa Ukraina degişli birikmeleriň Kryma girmek synanyşynyň öňüniň alynandygyny habar berdi

Russiýa Ukraina degişli birikmeleriň Kryma girmek synanyşynyň öňüniň alynandygyny habar berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, düýn gije ukrainaly esgerleriň Krymyň çägine girmek isländigi mälim edildi.

Beýanatda Gara deňiziň demirgazyk-günbataryndaky Tarhankuta tarap barýan Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň desant birikmeleriniň Krymyň çägine girmek synanyşygynyň, Russiýanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçarlar, ýokary tizlikli gaýyklar we 3 gidrosikl bilen öňüniň alynandygy aýan edildi.

Ukrainanyň düýn gije Russiýanyň territoriýasynyň çägindäki desgalara uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy barada maglumat berilen beýanatda, howa goranyş ulgamlary tarapyndan Belgorod, Brýansk we Kursk sebitleriniň howa giňişliklerinde Ukraina degişli 31 sany uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglarynyň anyklanyp, ýok edilendigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady
Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Russiýada 3 Gün Dowam Etjek Saýlaw Tapgyry Başlady
Gypjak dili döwründe ýazylan eserler