Russiýa, Ukraina Degişli 2 Etrapçany Ele Geçirdi

Russiýa, Ukraina Degişli 2 Etrapçany Ele Geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Donesk sebitinde ýerleşýän Ostroýe we Grigorowka etrapçalarynyň gözegçiligini ele geçirendiklerini habar berdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, rus goşunynyň Ukrainadaky aksiýalary hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Donbasda esasy orun eýeleýän käbir ýerleriň gözegçilik astyna alynandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Ukrainanyň Donesk sebitinde ýerleşýän Ostroýe we Grigorowka etrapçalary halas edildi” diýildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, rus güýçleriniň Ukrainanyň harby goşunyna degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň önümçilik merkezini we ammarlaryny ýok edendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar
Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Halk saz gurallary
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi