Russiýa: "Ukraina degişli 114 uçarmansyz howa ulagyny ýok etdik" diýdi

Russiýa: "Ukraina degişli 114 uçarmansyz howa ulagyny ýok etdik" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, resmi Kiýewiň düýn gije Russiýanyň territoriýasyndaky elementlere hüjüm etmäge synanyşandygy mälim edildi.

Hüjümiň öňüniň alynandygy bellenen beýanatda: "Krymda we Gara deňizde 70 sany, Krasnodar sebitinde 43 sany, Wolgograd sebitinde 1 sany uçarmansyz howa ulagy rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edildi" diýip habar berildi.

Mundan başgada Gara deňiziň demirgazyk-günbatar sebitinde Ukrainanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli 5 sany sürüjisiz deňiz ulagynyň ýok edilendigi aýan edildi.

Russiýanyň Krasnodar sebitiniň häkimi Weniamin Kondratýew Telegram kanalyndan beren beýanatynda, sebitde täsirsiz ýagdaýa getirilen uçarmansyz howa ulagynyň bölekleriniň ýere gaçmagy netijesinde 1 adamyň ýogalandygyny, awtobus terminalyna we ýyladyş desgasyna zeper ýetendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Durnukly we Iş Ýüzüne Geçirilme Aýratynlygy Bolan Parahatçylyk Üçin Tagalla Edildi
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)