Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar

Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar

Peskow Ukraina bilen gepleşik tapgyryna açykdyklaryny, emma resmi Kiýew tarapyndan aýdyňlaşdyrylmaly meseleleriň bardygyny aýtdy.

Dmitriý Peskow žurnalistleriň Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň Russiýa bilen gepeşiklere taýýardyklary hakyndaky beýanaty bilen bagly soraglara jogap berdi.

Häzirki wagta çenli bu barasynda tapawutly beýanatlaryn berilendigini we anyk netijäniň ýokdugyny beýan eden Peskow; “Russiýa umuman gepleşik tapgyryna açyk, emma Ukraina tarapy oňa näderejede taýýardygyny, jogapkärlerden oňa näderejede rugsat alandygyna düşünmeli” diýdi.

Moskwanyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen gepleşige oturyp, oturmazlygy meselesiniň ýönekeý mesele däldigine ünsi çeken Peskow, hukuky taýdan Zelenskiýniň iş möhletiniň gutarmagy sebäpli ýüze çykan meseläniň gün-tertibinindedigini, emma iş ýüzünde maskatlara gepleşikler arkaly ýetmäge açyk bolandyklaryny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi
Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Sowuk Söweşe Tarap Ynamly Ädimler Bilen Barýarys