“Russiýa, Ukraina Bilen Gepleşik Geçirilmegine Oňyn Garaýar”

“Russiýa, Ukraina Bilen Gepleşik Geçirilmegine Oňyn Garaýar”

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdunyň Ukraina meselesinde gepleşik geçirilmegine oňyn garaýandygyny aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Peskow, “Russiýa, Ukraina bilen töwellaçylar arkaly gepleşik geçirmäge taýarmy?” diýlen soraga “Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, kesgitlenen maksada ýetilmegi üçin ähli taraplaýyn gepleşik geçirilmegine oňyn garaýandygyny birnäçe gezek aýtdy. Putin gepleşiklere taýardygyny açyk-aýdyň beýan etdi” diýip jogap berdi.

Kremliň metbugat sekretary Peskow, ukrain esgerleriniň Belarus serhedine ornaşdyrylmagy hakyndaky soraga hem “Elbetde bu ýagdaý diňe Minsk üçin däl eýsem Moskwa üçin hem aladalandyryjy” diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Kremlde Putiniň doglan gününi nähili geçirjekdigini gürrüň berdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Kremlde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň nyşany bilen tanyşdyrylar