Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň harby goşunynyň gözegçiligi astyndaky Ugledar şäherini ele geçirendiklerini mälim etdi.
Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Gündogar harby toparymyzyň egilşiksiz göreşi netijesinde Donesk Halk Respublikasynyň Ugledar şäheri halas edildi” diýildi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, harby goşunynyň Ukrainanyň Donesk sebitindäki Ugledar şäherinden çekilendigini nygtap “Döwrebap ýaragsyz Russiýany durdurmak mümkin däl. Olar pozisiýalarymyzy ýok edýär, emma biz egerlerimizi goramaly sebäbi olar binalardan has möhüm” diýipdi.