Kawkaz biosfera goraghanasy Türkmenistan, Pakistan we beýleki ýurtlar bilen ýabany gaplaňlaryň Russiýa geçirilmegi mümkinçiligi boýunça gepleşik geçirýär. Bu barada TASS Soçi milli seýilgähiniň müdiri Sergeý Şewelewiň sözlerine salgylanyp habar berdi.
S.Şewelew: Häzirki wagtda Pakistan we Türkmenistan bilen gepleşik geçirýäris. Gepleşikler ýabany leopardlar boýunça geçirilýär diýdi. Bu barada Newscentralasia ýazýar.
Daglary we tokaýlary öz içine alýan Kawkaz biosfera goraghanasy, takmynan 100 ýyl ozal döredilip, ol Russiýanyň iň gadymy goraghana ýerleriniň biridir. Merkezi Aziýa gaplaňlary 80 ýyl gowrak mundan ozal Günbatar Kawkazdan ýitip, beýleki sebitlere göçüpdir. Diňe 2016-njy ýylda alymlar bu görnüşiň birnäçe ugruny öňki ýaşaýan ýerlerine gaýtaryp getirmegi başardylar.
Merkezi Aziýa süýdemdirijileri goramak başlangyjynyň hasabatyna görä, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa gaplaňlarynyň (Panthera pardus) sany babatda Eýrandan soň dünýäde ikinji orunda durýandygy çaklanylýar.
Türkmenistanda bu görnüşler Uly Balkan daglarynyň gerişlerinde, Köpetdagyň demirgazyk eňňitlerinde we Günbatar Bathyzda duş gelýär.