Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet institutynyň garamagyndaky Rosselhoznadzoryň Orenburg synag merkeziniň barlaghanasynyň hünärmenleri şu ýylyň oktýabr aýynda halkara talaplaryna laýyklykda, ýumşak güýzlük bugdaý tohumlarynyň ekiş hilini kesgitlemek üçin synag geçirdiler.
Geçirilen barlaglardan soňra, synag edilen tohumlara dört sany ISTA, ýagny Halkara tohum synag birleşiginiň güwänamalary berildi (ISTA güwänamasy eksporta niýetlenilýän dürli oba hojalyk ekinleriniň tohumynyň hili üçin berilýän halkara resminamadyr).
Häzirki wagtda synagdan ýokary görkezijiler bilen geçen güýzlük tohumlyk bugdaýy Türkmenistana eksport etmek işleri alnyp barylýar diýlip, Rosselhoznadzoryň resmi saýtynda habar berildi.
Tohumlary halkara bazaryna çykarmak, olaryň eksportyny ýokarlandyrmak çynlakaý taýýarlygy we jogapkärçiligi talap edýän çylşyrymly işdir. Şoňa görä-de, tohumlary eksport etmek üçin olaryň ýokary häsiýetlerini tassyklaýan Halkara tohum synag birleşiginiň ISTA güwänamalarynyň bolmagy hökmany talap hasaplanylýar. Bu resminama eksport we import işlerini guramagy ýeňilleşdirýär.