Türkmen-russiýa sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýeti uludyr—diýip, 6-njy ykdysady forumyň barşynda Orýol oblastynyň hökümetiniň başlygynyň kömekçisi Aleksandr Agababow aýtdy.
-Munuň üçin perspektiw meýilleşdirmegi amala aşyrjak bilelikdäki iş topary nyň döredilmegi maksadalaýyk bolardy,--diýip A. Agababow aýtdy.- Onuň işiniň maksatlary, tapgyrlary we möçberi Türkmenistan bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça tapgyrlaýyn işlere“ gol çekilende kesgitleniler. Munuň özi hyzmatdaşlygymyzy amatly şertlerde ösdürmäge ýardam ederdi.
Şeýle hem Agababow Türkmenistan bilen Russiýanyň dostlukly gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygyny belledi. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň golaýda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda iki döwletiň liderleri wajyp ylalaşyklara, şol sanda sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekdiler. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýokary derejedäki ylalaşyklaryň ýol açýan uly mümkinçiliklerinden peýdalanmak has möhümdir,-diýip Orýol oblastynyň hökümetiniň başlygynyň kömekçisi aýtdy.
RF-niň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalkonyň çykyşy hem sebitara gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlandy.
-Russiýa biznesiniň wekilleri Türkmenistan bilen sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge isleg bildirýärler. Şu ýyl welaýatlar we gubernýalar delrejisinde wekilýetleriň duşuşyklary geçirildi, bu gün bolsa aramyzda Russiýanyň sebitleriniň sekizisiniň wekilleri bar. Biz bu ugurdaky işleri döwam etmegi, özara saparlary we köpugurly özara hereketiň maksatnamalaryny işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýarys,--diýip Wladimir Padalko nygtady.