Russiýanyň parlamenti Owganystanyň Taliban guramasynyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyna şert döretjek kanun taslamasyny tassyklady.
Döwlet Dumasy toparlaryň sanawdan çykarylmagy üçin kanuny mehanizmiň döredilmegi hakyndaky taslamany kabul etdi.
Şeýlelikde Taliban hakynda gelejekde kabul edilmegi ähtimal karar üçin päsgelçilikler ortadan aýryldy.
Taslama Federasiýa geňeşiniň garamagyna beriler we tassyklanandan soň Prezident Wladimiriň Putine hödürlener.