Russiýa Stambulda geçirilen gepleşikler barada beýannama berdi Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukrainanyň tekliplerini konkretleşdirmeginiň oňyn bir hadysadygyny beýan etdi
Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde rus we ukrain wekiliýetleriniň düýn Stambulda geçiren gepleşikleri we güntertibiniň ileri tutulýan beýleki ugurlary barada beýanat berdi.
Gepleşiklerde Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň geňeşçisi Wladimir Medinskiýniň şu gün geçirilen gepleşikler barada jikme-jik maglumat berjekdigini aýdan Peskow: "Ukrainanyň iň bolmanda tekliplerini konkretleşdirmegi we kagyza geçirmäge başlamagy oňyn bir hadysa. Häzirki wagta çenli onuň hötdesinden gelip bilmedik. Bu oňyn bir hadysa" diýip belledi.
Peskow gepleşikleriň netijesi bilen bagly artykmaç umyt beriji bir beýanat bermejekdigini belläp: "Häzirki wagta çenli örän umytlandyryjy, öwrülişik nokadydygyny beýan edip bilmeris, entek edilmeli köp iş bar" diýip mälim etdi.
Russiýanyň Günbatar ýurtlaryna tebigy gaz eksportynda rus rubly bilen töleg etmäge başlamaklary bilen bagly tapgyryň hem üstünde durup geçen Peskow: "Tölegler we gaz üpjünçiligi wagt alýan bir tapgyrdyr. Putiniň rubl bilen töleg ulgamynyň kesgitlenmegi bilen baglanşykly öňe süren möhledi 31-nji martda tamamlanýar. Bu bolsa ertir ugradylar we edil ertir agşam rubl bilen töleg ediler manysyna gelmeýär" diýip belledi.
Peskow Russiýanyň eksportda biri-birinden tapawutly önümlerde hem rubl bilen töleg ulgamyna geçip biljekdigini nygtap: "Milli walýutamyzyň ulanylmagyny giňeltmek, hökümedimiziň üstünde işleýän bir ugrudyr. Bu hem biziň hem-de hyzmatdaşlarymyzyň bähbidinedir" diýip aýtdy. Emma Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň ylalaşyk gazanylsada ýatyrylmajakdygyny habar berdi.
Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson Jemgyýetçilik palatasynda geçirilen hepdelik Premýer ministre soraglar bölüminde çykyş etdi.
Hökümediň başyndaky Konserwatiw partiýanyň deputaty Jonni Merseriň, Ukraina has köp harby kömegiň berilmegi baradaky çagyryşyna, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Merseriň aýdanlarynyň dogrudygyny, harby we goranmak taýdan berilýän goldawlaryň 2 esse köpeldilmelidigini beýan etdi.
Jonson: "Mundan başgada dünýädäki ähli dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz tarapyndan sanksiýalar boýunça yza ädim etmezligini üpjün ederis. Aslyna garanyňda Wladimir Putine garşy ykdysady basyşy artdyrmagymyz gerek we ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan hiç bir sanksiýa aýrylmaz. Meniň pikirimçe bu hiç bir ýagdaýda bolmaz" diýip belledi.
Boris Jonson rus şahsyýetlerine we edaradyr-guramalaryna garşy girizilen sanksiýalarda yza gaýdyşyň bolmaly däldigini beýan etdi.