Russiýa: "Soňky bir hepdede iki şäherçäni basyp aldyk" diýdi

Russiýa: "Soňky bir hepdede iki şäherçäni basyp aldyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň harby güýçleriniň 1-7-nji iýun aralaygynda Russiýa-Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumat berildi.

Rus goşunynyň Ukraiandaky front liniýasynda öňe gidişlik etmäge dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Merkezi we Günorta harby toparlaryna degişli birikmeler, Donetsk Halk Respublikasynyň Paraskiýewka we Umanskoýe şäherçelerini azat etdi" diýip habar berildi.

Soňky 1 hepdede Ukraina degişli 2 sany "Mig-29" we 1 sany "Su-25" kysymly harby uçar bilen 424 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygy bellenen beýanatda, 27 ukrainaly esgeriň bolsa boýun egendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Harby operasiýanyň başlangyjyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 610 uçar, 274 dikuçar, 25 müň 326 uçarmansyz howa ulagy, 528 howa goranyş raketa ulgamy, 16 müň 287 tank we sowutly ulag, 1330 köp nilli raketa ulgamy, 10 müň 188 gaubisa we minomýot bilen 22 müň 336 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip bellendi.

Russiýanyň Goranmak ministri Andreý Belousow maý aýynda Ukrainada 28 ýaşaýyş ýeriniň rus harby güýçleriniň eline geçendigini aýdyp: "Şu ýyl 880 ind km ýer rus goşunynyň gözegçiligine geçdi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina Serhedinde Täze Harby Birikmeler Döretdi
2024-nji ýyldan ýük gämileri Wolga-Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady