Russiýa Siriýanyň Kamyşly etrabyndan Tel Temir bazasyna goşmaça harby güýç ugratdy

Russiýa Siriýanyň Kamyşly etrabyndan Tel Temir bazasyna goşmaça harby güýç ugratdy

Russiýanyň goşuny Siriýanyň Haseke welaýatynyň Kamyşly etrabynda barlygyny dowam etdirýän Tartabdan we Kamyşly howa menzilinden Parahatçylyk Çeşmesi sebitiniň günorta-gündogaryndaky Tel Temir bazasyna goşmaça harby güýç ugratdy.

Tel Temirdäki çeşmelerden alynan maglumata görä, Russiýanyň goşuny düýn Kamyşly etrabyndaky Tartab bilen Kamyşly howa menzilinden Tel Temiriň demirgazygydaky harby baza hökmünde ulanýan Abkar stansiýasyna goşmaça harby güýç ugratdy.

Birnäçe rus dikuçarynyň ýoldaşlyk eden ulag kerweniniň düzüminde 2 taňk, radar ulgamy, Doçka görnüşli zenit ulgamy we 8 harbyny daşaýan sowutly ulaglar bar.

Russiýanyň goşuny 3-nji iýunda Haseke welaýatynda uly bölegi ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiliginde bolan Kamyşly etrabynda, Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda bolan howa menziline ýük uçary bilen harby güýç getiripdi.

Goşmaça harby güýjüň düzüminde gysga we orta aralykly howa goranyş ulgamlary bolan Pantsir-S1 ulgamy bardy.

Russiýanyň goşunynyň Aýn Isa, Tel Temir, Manbij, Aýnul Arab we Kamyşly diýilýän ýerlerdäki bazalarynda harbylarynyň sanyny artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Türkmen-gazak serhedinde ýolagçylaryň gatnawy çäklendirildi
Gyrgyzystan bilen Russiýanyň arasynda demir ýol gatnawy gaýtadan dikeldildi
Multimodal ugur: Gruziýa ilkinji ýük otlusy bardy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy