Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Belgorotdaky Krasnoýaružskiý şäheriniň serhetleriniň çäginde Ukrainanyň goşuny bilen çaknyşyklaryň başdan geçirilýändigini mälim etdi.
Sebitiň halkyny goramak üçin ewakuasiýanyň başldylandygyny aýdan Gladkow, raýatlaryň howpsuz ýerlere göçürilýändigini aýan etdi.
Russiýa ozal bolsa Kursk sebitinden 76 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini habar beripdi.
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň territoriýasyna 6-njy awgustda girmeginden soň, iki ýurduň arasynda başlan çaknyşyklar eýýäm 7 gün bäri dowam edýär.
Kursk sebitinde ýagdaý Federal derejedäki adatdan daşary ýagdaýa ýetirilen bolsa, Kursk, Belgorod we Brýansk sebitlerinde terrora garşy göreş ýagdaýy yglan edildi.