Russiýa "Putin harby jenaýatçy" diýen ABŞ-nň Prezidenti Baýdene jogap berdi

Russiýa "Putin harby jenaýatçy" diýen ABŞ-nň Prezidenti Baýdene jogap berdi

Russiýa Ukrainadaky eden-etdilikleriň çäginde Döwlet baştutany Wladimir Putiniň harby jenaýatlary sebäpli kazyýediň öňüne çykarylmalydygyny aýdan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene jogap berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, ABŞ-na harby jenaýatlar bilen bagly derňewleriň ilki bilen Ýugoslawiýadan we Yrakdan başlamagyny maslahat berdi.

Telegrman hasabyndan beýanat beren Zaharowa: "Ýugoslawiýadaky bombaly hüjümlerden we Yragyň basylyp alynmagyndan başlasynlar. Srebrenitsadaky sahnalaryň esasy dolandyryjylaryny hem tapyp bilerler. We elbetde, Kosowada ABŞ-nyň resmileriniň görnüşiniň astynda amala aşyrylan organ söwdasynyň ýolbaşçylarynyda. Ondan soň bolsa Ýaponiýanyň ýadro ýarag bilen bombalanmagyna başlap bilerler" diýip habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem mesele bilen bagly: "Bilinýän bahanalar bilen Yrak söweşini başladan, NATO-daky hyzmatdaşlary bilen Liwiýany derbi-dagyn eden, Siriýa giren amerikan syýasatçylarynyň wyždanlary gowy ýagdaýda däl" diýdi.

Buçadaky gyrgynçylyk bilen bagly öňe sürmelerden soň, Russiýa täze sanksiýalaryň giriziljekdigini aýdan Jo Baýden, Putin barada harby jenaýatçy sözüni ulanyp: "Ol harby jenaýatçy, emma maglumat ýygnamagymyz gerek" diýip belläpdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi
Russiýa Krym köprüsine guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi
Kreml: "Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy bes edildi" diýdi
Medwedew: "III Jahan urşy golaýlap gelýär" diýdi
Geçirilýän Gepleşikler Sebitde Durnuklylygy Üçin Möhüm Faktor
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny