Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde Russiýanyň goşunynyň hereketleri barada maglumat berdi.
Operasiýalaryň dowam edýändigini aýdan Igor Konaşenkow, Donetsk sebitindäki rus harby birikmeleriň operasiýasynda Podgorodnoýe ýaşaýyş zolagyny gözegçilik astyna alandygyny öňe sürdi.
Igor Konaşenkow, Soledar şäherindäki ýagdaý bilen baglanşykly bolsa: "Russiýanyň howa-desant güýçleri Soledar şäheriniň demirgazyk we günorta böleklerini blokirledi. Russiýanyň Harby-howa güýçleri duşmanyň goldaw nokatlaryna hüjüm edýär. Hüjüm toparlary şäherde çaknyşýar" diýip beýan etdi.
Igor Konaşenkow: "Ukrainada şu günki güne çenli 371 uçary, 200 dikuçary, 2 müň 868 uçarmansyz howa ulagyny, 400 howa goranyş raketa ulgamyny, 7 müň 473 taňky we sowutly ulagy, 976 köp nilli raketa ulgamyny, 3 müň 809 gaubisa we minomýody, 8 müň 6 ýöerite harby ulagy ýok etdik" diýip belledi.