Wiktoriýa Panfilowa
Независимая Газета
Russiýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna Owganystandan abanýan howp-hatarlar alada goýýar.Bu problematika GDA döwletleriniň baştutanlarynyň gurnan sammitiniň içinden gyzyl sapak bolup geçdi, oňa ŞHG-nyň, KHŞG-nyň we ÝAYB-niň wekilleri hem çagyryldy.
Sammitiň öňünden prezidentler Wladimir Putin bilen Emomali Rahmon ikiçäk duşuşyp, regional hyzmatdaşlyk meselelerini hem-de terrorçylykly we ekstremist guramalaryň agzalarynyň Täjigistanyň territoriýasyny aralaşmagynyň öňüni almak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
GDA-nyň başlyklygy 2018-nji ýylda Täjigistana geçýär. Russiýa Türkmenistan bilen bilelikde egindeş başlyk bolar. Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdy Owganystan bilen serhetleşýär: serhediň täjik uçastogy 1344 kilometr bolsa, türkmen uçastogy 970 kilometr aralyga uzaýar.
Soçidäki duşuşykdan öň RF-nyň Täjigistandaky ilçisi Igor Lýakin-Frolow Owganystandaky ýagdaýlaryň, aýratynam onuň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk welaýatlaryndaky ýagdaýyň örän dartgynly bolmagynda galýandygyny aýtdy.
Täjigistanda Russiýanyň 201-nji harby bazasy ýerleşýär, KHŞG-nyň liniýasy boýunça ikitaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlyk ýola goýlan we bular ýokary derejeli howpsuzlyk hem-de durnuklylyk ymydyny etmäge esas berýär.Emma Türkmenistan özüniň bitaraplyk durumyna salgylanyp, regional bileleşiklere gatnaşmaýar we ikitaraplaýyn esasda amerikan harby kömegine we ýene kimdir birlerine bil baglaýar.
“Merkezi Aziýa üçin iki sany esasy kötellik bar olaryň biri içerki, beýlekisi daşarky problemalar.Daşarky kötellige Owganystandaky “uzaga çeken” problemalar degişli, olar, çaklamalara garamazdan, henizem düýpli potensial howp bolmagynda galýar.
Ikinji daşarky kötellik “Yslam döwleti” (YD RF-de beýleki ýurtlarda gadagan edilen terrorçylyk guramasy) toparynyň hatarynda söweş hereketlerine gatnaşan merkezi aziýalylaryň üsti bilen terrorçylygyň regiona geçirilmek ähtimallygy bolup durýar.
YD-nyň derbi-dagyn ediljegi ikuçsyz, belki-de öňünden kesgitlenen bir zat, bu bolsa sebitden onuň hatarynda söweşenleriň basym söweş hereketine gatnaşmakda toplan tejribeleri we ideologiki gorlary bilen öýlerine dolanyp geljekdiklerini aňladýar” diýip, Chatham House halkara ylmy-barlaglar merkeziniň Russiýa we Ýewraziýa programmasynyň analitigi Stanislaw Pritçin NG bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ýene bir synag, kötellik bolsa, onuň pikirine görä, içerki problemalar.
Ilkinji nobatda hem sosial-ykdysady problemalar.Regionyň käbir ýurtlaryna durnukly işleýän, barha köpelýän ilaty iş orunlary bilen üpjün edýän, býujete girdeji getirýän ykdysadyýeti ýola goýmak başartmady. “Netijede, ykdysadyýetdäki ýagdaýlaryň ýaramazlaşan halatynda syýasy dartgynlylyk töwekgellikleriniň ähtimallygy bar” diýip, Pritçin çak edýär.
GDA ýurtlary institutynyň Ýewropa integrasiýasy we ŞHG ösüşi bölüminiň ýolbaşçysy Wladimir Ýewseýew Russiýa mümkin bolan negatiw ssenariýanyň öňün almak ugrunda işleýär diýip hasap edýär. “Russiýa Owganystandaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmak meselesini mümkin bolan ähli ýerde GDA, ŞHG, ÝAYB, KHŞG ýygnaklarynda hemişe galdyryp durýar.
Sebäbi bu problema çözülmeýär.Demirgazyk Owganystan bilen aralykda şeýleleýin bufer zonasy bolsa ýok.Serhetýaka raýonlarynyň durnusyzlaşmak ähtimally güýçli bolmagynda galýar.Bu Russiýany, gynansak-da, Owganystan bilen serhetleşýän döwletlerden has kän biynjalyk edýär” diýip, Ýewseýew NG-a aýtdy.
Ekspertiň pikirine görä, Täjigistana Saud Arabystanynyň respublikanyň işlerine gatnaşmagynyň hasabyna güýçlenýän içerki durnuksyzlyk hem wehim salýar. “Täjigistan Saud Arabystanynyň we Eýranyň bir-birine garşy durýan meýdanyna öwrülip biler.
Munuň üstesine goňşy Türkmenistanda, söweşijiler tarapyndan serhet böwsülen ýagdaýynda, häkimiýetiň çalyşmagy mümkin.Türkmenistan çynlakaý daşary gaýtawula taýýar däl” diýip, Ýewseýew pikir edýär.Bu planda Özbegistanyň ýagdaýy has gowy, ýogsa olary hem problemasyz atlandyrmak bolmaýar: Owganystan bilen 137 kilometrlik serhet gowy gorlaýar, ýöne söweşijiler tyldan gelseler, mysal üçin Täjigistandan ýa Türkmenistandan gelseler, onda Özbegistana aňsat düşmez. “Şu sebäpden Russiýa Owganystana hem, onuň bilen serhetleşýän ýurtlara hem harby-tehniki kömek etmäge taýýar.
Bu kömek serhedi ähli ugurlar boýunça düýpli berkitmek bilen bagly.Bu Owganystana “çykýan” üç döwletiň hemmesini gyzyklandyrýar.O taýda, mümkin bolan ýerde harby mümkinçilik güýçlendiriler.Hususan-da Täjigistanda KHŞG-nyň mehanizmleri arkaly herekete geçmek mümkin” diýip, Ýewseýew hasaplaýar.
Şol bir wagtda oppozision syýasatçy, Täjigistanyň yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň (TYGDP) lideri Muhitdin Kabiri Owganystanda ýa Ýakyn Gündogarda ýerleşýän söweşijileriň öz-özlüginde Täjigistan üçin-de, regionyň beýleki ýurtlary üçin-de howply däldigini aýdýar. “Howp-hatar şunda, Täjigistanyň içinde olara tarapdar we duýgudaşlyk edýän köp adam bar.
Onsoňam ýurtdaky nägile adamlaryň sany ýyl geldikçe köpelýär.Esasy howp şunda jemlenýär, Owganystandaky ýaragly adamlaryň toparlarynda däl.Täjigistan we onuň region boýunça esasy hyzmatdaşly bolan Russiýa we Hytaý KHŞG-nyň we ŞHG-nyň çäginde islendik hüjüme gaýtawul bermäge ukyply.
Emma region içinden gaýnap dur.Bu ýerde ne goşun, ne-de polisiýa kömek eder, sebäbi, eger konflikt örç alsa, ol aýratyn häsiýete bolar” diýip, Kabiri NG-a aýtdy.
Syýasatçy pikirini düşündirmek bilen, Täjigistanyň ýaşlarynyň “parahatçylykly demokratik” proseslerden göwnüniň galandygyny we olaryň barha kän yslamçy radikallara simpatiýa bildirýändiklerini, olaryň möçberiniň bug gazanynyň özboluşly klapanynyň roluny oýnan TYGDP gadagan edileninden soň birden köpelendigini aýtdy.
Wladimir Ýewseýew ýene-de bir özboluşly problema ünsi çekýär.Onuň sözlerine görä, regionyň döwletleriniň baştutanlary bar bolan howp-hatarlara düşünmek bilen, Russiýa bilen harby aragatnaşygy giňeltmekden howatyr edýärler.
Sebäbi olar emele gelen ýagdaýyň ýesiri bolaryn öýdýärler.Onsoň, görnüşinden, beýle ädimi ätmek kararyna diňe öz şahsy häkimiýetlerine howp abanýandygyny duýanlarynda gelerler. “Şonda karar basym kabul ediler, şol sanda, aýdaly, rus-türkmen harby hyzmatdaşlygyny dikeltmek boýunça hem”.