Russiýa: "NATO-nyň ýadro ýaraglary baradaky beýanaty ýagdaýy dartgynlaşdyrýar" diýdi

Russiýa: "NATO-nyň ýadro ýaraglary baradaky beýanaty ýagdaýy dartgynlaşdyrýar" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ýurduň paýtagty Moskwa şäherinde metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi.

Şweýsariýanyň ýer eýeçilik etmeginde 15-16-njy iýun aralygynda geçirilen Ukrainanyň Parahatçylygy sammitiniň üstünde durup geçen Peskow, şol sammitiň Ukraina krizisine çözgüt tapyp bilmändigini habar berdi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň "NATO-da ýadro ýarag boýegolowkalarynyň ulanylmagynyň taýarlygy bilen baglanşykly geňeşmeleriň geçirilendigi" baradaky beýanatynyň üstünde durup geçen Peskow, şol beýanatyň Şweýsariýadaky sammitde kabul edilen umumy jarnama tersdigini beýan etdi.

Peskow: "Bu jarnamada bular ýaly görnüşli beýanatlaryň kabul ederliksizdigi aýdylýar. Şol sebäpli ol ýagdaýy dartgynlaşdyrýan elemenetden başga bir zat däldir" diýip belledi.

Peskow Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň Ukraina bilen bagly nobatdaky parahatçylyk sammitiniň çaknyşyklary bes etdirmelidigi baradaky beýanaty barada bolsa: "Rus tarapynyň bu babatdaky çemeleşmesi açyk we tutanýerli. Şol çemeleşmäni Kulebada gowy bilýär" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
Şweýsariýada Geçiriljek Maslahat Netijesiz Bolar
NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar