Russiýa, Mihaýlowka Etrabynyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Russiýa, Mihaýlowka Etrabynyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, rus goşunynyň Donesk sebitiniň Mihaýlowka etrabynyň gözegçiligini ele geçirendigini mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, rus goşunynyň Ukrainada pozisiýalaryny güýçlendirýändigi nygtalyp, “Merkezi harby topar egilşiksiz göreşi netijesinde Donesk Halk Respublikasynyň Mihaýlowka etrabyny halas etdi” diýildi.

Beýannamada, “Harby operasiýalaryň başlan gününden bäri Ukrainanyň harby goşunyna degişli 646 uçar, 283 dikuçar, 33 müň 580 sany uçarmansyz howa ulagy, 582 sany howa goranyş raketa ulgamy, 18 müň 619 tank we sowutly ulag bilen 27 müň 230 sany harby ulag hatardan çykaryldy” diýildi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ukrainanyň harby goşunynyň 6-njy awgustdan bäri Kursk sebitinde 22 müň 600 esgerini, 157 tankyny, 909 sany sowutly ulagyny we 72 harby ulagyny ýitirendigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin atly täze oýun sahnalaşdyryldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýewgeniýa Adamowanyň suratlarynyň biriniň döreýşi
Hazar ýakasynda gyşlan guşlar barada gyzykly maglumatlar we deňeşdirme seljermesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda