Russiýa Microsoft bilen bagly beýanat berdi

Russiýa Microsoft bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Sanly Galkynyş ministrligi Amerikan programma üpjünçiligi we tehnologiýa kompaniýasy Microsoft bilen bagly wakalaryň, ýerli programma üpjünçiliginiň ähmiýetini görkezendigini habar berdi.

Russiýanyň Sanly Galkynyş ministrligi dünýä derejesinde howa menzililleri başda bolmak bilen köp sanda pudaga täsir ýetiren aragatnaşyk näsazlyklary bilen bagly beýanat berdi.

Ýurtdaky howa menzillerinde hiç hili näsazlygyň bolmandygy bellenen beýanatda: "Microsoft bilen bagly wakalar tankydy infrastruktura desgalarynda daşary ýurt programma üpjünçilikleriniň ýerine ýerli programma üpjünçiliklerini ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi" diýip mälim edildi.

Ýurduň iň uly banky bolan Sberbank hem beren beýanatynda, global aragatnaşyk näsazlyklarynyň bankyň işlerine täsir ýetirmändigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Girdejileri köpeldi
TBM-niň Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar
Ilon Maskyň täze kompaniýasy
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp