27-nji iýulda RIA Nowostiniň “Rospotrebnadzora” salgylanyp beren habaryna görä, Russiýa “maýmyn mama” keselini anyklaýan, döwlet ylmy merkez “Wektoryň” önümi bolan synaglary Ermenistana, Gazagystana,Özbegistana we Türkmenistana berdi.
“ Rospotrebnadzor’ rus synag-ulgamyny Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana we Türkmenistana berdi. Mundan başgada, ”Rospotrebnadzoryň” hünärmenleri hyzmatdaş-ýurtlardan bolan kärdeşlerine maýmyn mama’ keseliniň labaratoriýa diýagnostika tilsimlerine bagyşlanan ýörite seminarlary gurnarlar” diýlip habarda bellenýär.
Aşgabada kömek etmek barada “Rospotrebnadzoryň” başlygy Anna Popowanyň we Türkmenistanyň saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesowyň duşuşygynda gelnipdi.
Şol duşuşyk prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji iýunda Moskwa resmi sapary wagtynda bolupdy.
Bu keseliň ýaýramagy 7-nji maýda başlandy we şonda Nigeriýadan Beýik Britaniýa dolanan bir syhahatçydan ýokanç tapylypdy.
12-nji iýunda “Rospotrebnadzor” maýmyn mama” keseliniň ilkinji wakasynyň Russiýada ýüze çykarylandygyny habar berdi.The post Russiýa “maýmyn mama” keselini ýüze çykarmak üçin synaglary Türkmenistana berdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.