Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Liwandaky rus raýatlaryna howpsuzlyk sebäpli şol ýurdy terk etmeklerini maslahat berdi.
Peskow, Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri hakynda metbugata beýannama berdi.
Liwanda rus raýatlarynyň bardygyny nygtan Peskow “Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär. Biz raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.