Russiýa: "Lewadnoýe şäherçesini basyp aldyk" diýdi

Russiýa: "Lewadnoýe şäherçesini basyp aldyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumat berildi.

Rus goşunynyň Ukrainadaky uruş meýdanynda öňe gidişlik edýändigi bellenilen beýanatda, "Günorta Harby Toparynyň birikmeleri, Zaporožýe welaýatyndaky Lewadnoýe ýaşaýyş nokadyny halas edip, amatly pozisiýalary ele geçirdi" diýip habar berildi.

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Zaporožýe we Herson sebitleri, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çeken karary bilen bikanun görnüşde anneksiýa edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "Luganskda we Donetskde 2 ýaşaýyş zolagynyň gözegçilikleirni ele geçirdik" diýdi
Russiýa, Mihaýlowka Etrabynyň Gözegçiligini Ele Geçirdi
Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy
Russiýa, Ukraina Degişli 2 Etrapçany Ele Geçirdi
Russiýa Ugledar Şäheriniň Gözegçiligini Ele Geçirdi
“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär