Russiýa Krym köprüsine guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

Russiýa Krym köprüsine guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

Komitetden berilen ýazmaça beýanatda, Krym köprüsine garşy hüjümiň ýerli wagt bilen sagat 03:05-de guralandygy mälim edildi.

Hüjümiň Ukrainanyň ýöriteleşdirilen güýçleri tarapyndan guralandygy bellenen beýanatda, hüjüm üçin 2 sany sürüjisiz deňiz ulagynyň ulanylandygy aýan edildi.

Beýanatda hüjümiň terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirilip, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy habar berildi.

Wakada 2 adamyň ýogalandygy, 1 çaganyň ýaralanandygy bellenen beýanatda, hüjümiň netijesinde köprüniň ýol bölegine zeper ýetendigi beýan edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa sosial media hasabyndan Krym köprüsine garşy Ukrainanyň hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Zaharowa: "Resmi Kiýew terrorçylaryň we halkara guramaçylykly jenaýat toparlarynyň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Kararlar amerikan we iňlis razwedka gulluklary we syýasatçylaryň gatnaşmagynda ukarianaly resmiler we goşun tarapyndan kabul edilýär. Terror döwlet gurluşynyň başynda ABŞ we Beýik Britaniýa bar" diýip belledi.

Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krymyň gubernatory Sergeý Aksenow, Krym köprüsinde adatdan daşary ýagdaýyň başdan geçirilendigini we şol sebäpli köprüniň ulaglara ýapylandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”
Russiýa Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda baglaşylan ot açmazlyk ylalaşygy barada beýanat berdi
Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar