Russiýa Idlibe hüjüm guramaga dowam edýär

Russiýa Idlibe hüjüm guramaga dowam edýär

Oppozisiýa degişli uçar gözegçilik merkezinden alynan maglumatlara görä, düýn ýerli wagt bilen 17:00 töweregi Latakiýadaky Hmeýmim howa bazasyndan uçan 3 sany rus harby uçar Idlibe 4 howa hüjümini gurady.

Siriýa Raýat Goranyş guramasynyň maglumatlaryna görä, Ainşib obasynda agaç ussahanasyna guralan howa hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 10 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 32 adama ýetdi. Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Russiýa soňky 4 günüň dowamynda Idlibde 27 nokada howa hüjümlerini amala aşyrypdy.

Idlibdäki ýagdaý:

Türkiye, Russiýa we Eýran 2017-nji ýylda egçirilen Astana maslahatynda Siriýa hökümetiniň gözegçiliginde bolmadyk ýerlerde 4 sany "dartgynlygy azaltmak zolagyny" döretmek barada karar kabul etdiler.

Damask hökümedi, Eýran tarapyndan goldanýan terrorçylar we Russiýa hüjümlerini dowam etdirip, 4 zolagyň 3-sini ele geçirip, Idlibe tarap gönükdiler.

Türkiye 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa bilen ot açmazlygy berkitmek üçin goşmaça ylalaşyga gelsede, 2019-njy ýylyň maý aýynda hüjümler ýaňadandan güýçlendi. Türkiye bilen Russiýanyň 2020-nji ýylyň 5-nji martynda gazanan täze ylalaşygyndan soň ylalaşyk umuman alynanda goralyp saklanýar.

2017-2020-nji ýyllarda hüjümlerden gaçan 2 milliona golaý raýat Türkiyäniň serhedine ýakyn ýerlere göçmäge mejbur boldy.

Ýene degişli makalalar

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
14-nji maýda geçirlen prezident we parlament saýlawlary we netijeleri
Saýlawar we terrora garşy göreş
Gruziýada Dartgynlyga Sebäp Bolan Kanun Taslamasy Yzyna Çekildi
Siriýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Siriýadaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 2 müň 802 adama ýetdi