Russiýa Hytaýa akdyrylýan gazyň möçberini artdyrar

Russiýanyň Hökümet başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak şu ýylyň dowamynda Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň 22 milliard kub metr boljakdygyny mälim etdi. Şeýle hem ol Mongoliýanyň üsti bilen “Sibiriň güýji 2” gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygynyň dowam edýändigini, netijede, Hytaýa iberilýän gazyň 100 milliard kub metr töweregi boljakdygyny aýtdy.

Nowak “Sibiriň güýjüniň” geçirijilik kuwwatynyň 38 milliard kub metrdigini, bu görkezijä 2025-nji ýylda ýetiljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Ýüpek ýoly ― 2024 rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda
8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow
Tatar Türkçesi - 2
Rasizada Hüseýin Jawid
Wladimir Putin 71 ýaşady: Russiýanyň Prezidenti doglan gününi nähili belleýär?