Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow, Hamasyň lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmeginiň syýasy jenaýatdygyny we sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny aýtdy.
Bogdanow, Rus RIA habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň Tähranda guralan hüjümde öldürilmegine garşylyk görkezdi.
Bogdanow, “Bu kabul edilmesiz syýasy jenaýat we dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp bolar” diýdi.
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana giden Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe öýüne guralan hüjümde öldürildi.
Hamas, Ysraýyl tarapyndan Heniýýeniň janyna kast edilendigini mälim etdi.