Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Rossiýa 1 telewideniýe kanalynda berilýän gepleşikleriň birinde çykyş etdi.
Günbataryň Ukrainany söweşi uzatmak üçin basyş astynda saklaýandygyny öňe süren Dmitriý Peskow: "Günbatarlylar parahatçylyk we gepleşikler bilen gyzyklanmaýarlar, söweşiň uzamagy üçin iş çalyşýarlar" diýdi.
Dmitriý Peskow ABŞ-nyň öňbaşçylygynda ukrainalylaryň parahatçylyk babatynda pikir etmeklerine we gürrüň etmeklerine rugsat berilmeýändigini belledi.
Günbatar ýurtlaryň liderleriniň soňky wagtlarda beren beýanatlary bilen baglanşykly soraga jogap beren Dmitriý Peskow: "Häzirki wagtda ýagdaýy köşeşdirmek bilen bagly başlangyçlara bildirilýän talaplar azaldy.Emma ir ýa-da giýç sagdynpikirliligiň üstün geljeginden şübhämiz ýok.
Ondan soň gepleşikler geçirmegiň wagty geler, emma ozal ukrainalylaryň, ýene-de bir gezek ähli şertlerimize göz ýetirmegi, olara razy bolmagy, gepleşiklere oturmagy we ençeme ugur boýunça şonsyz hem üstünde ylalaşylan resminamalary berkitmeli bolarlar" diýip habar berdi.
Peskow, Ýewropaly liderleriň diňe öz ýurtlarynyň bähbitlerini pikir edýändiklerini belledi.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.