Russiýa Gelýän Immigrantlaryň Sany Azaldy

Russiýa Gelýän Immigrantlaryň Sany Azaldy

2008-nji ýyldaky ykdysady çökgünlik, Krymyň anneksiýasy we Kowid-19 pandemiýasyndan soň bu dördünji aşaklama tolkuny boldy. Russiýanyň Hasabat guramasy Rosstatyň berýän maglumatyna görä geçen ýyl ýurda 560 müň immigrant geldi we ol 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 23 göterim az. 2022-nji ýylda ýurda 730 müň adam gelipdi.

Şu ýyl gelenleriň esasy bölegi Täjigistanyň raýatlaryndan ybarat bolan bolsa, Gyrgyzstanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň we Gazagystanyň raýatlary hem Russiýada işlemäge gelýärler. Özbegistanlylar jemi immigrant sanynyn 4 göteriminden ybarat. Russiýa Belarusdan, Hytaýdan, Türkmenistandan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan hem immigrantlary kabul edýär.

Gelen immigrantlaryň 55 göterimi erkekler, 45 göterimi zenanlar. Esasy bölegi işlemäge ukyply ýaşda. Garrylaryň sany 11 göterime deň. 16 ýaşdan aşakdaky çagalaryň sany 13 göterim. Gelenleriň üçden biri işlemk maksady bilen gelendigini beýan etdi.

2024-nji ýylyň başyndan bäri Russiýanyň Içeri işler ministrligi 65 müň daşary ýurtlyny ýurtdan çykardy we 120 immigrantyň ýurda gelmegini gadagan etdi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Ýaş Ilatyň Sany Azalýar
Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi
Ýaponiýada Doglan Bäbekleriň Sany Azalýar
Fewral Aýynda Işsizleriň Sany 0,5 Bal Azaldy
Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawody geçen ýylkydan 2,4 million manat köp girdeji gazandy