
Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Habar berlişi ýaly, maý aýynda KazanForum-yň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň netijesinde Hazar deňziniň ýakasy bilen uzap gidýän awtoulag ýoluny gurmak boýunça Ylalaşyga gol çekilip bilner.
Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndaky bu awtoulag ýolunyň gurluşygy Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustinyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherine amala aşyran saparyň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Ýeri gelende bellesek, KazanForum, ýagny Russiýa — Yslam dünýäsi Halkara ykdysady forumy 2023-nji ýylyň 18 — 20-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriler. Bu foruma türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.