Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Russiýanyň diplomatik korpusyny we türkmen kärdeşlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Ilçi özüniň gutlag ýüzlenmesinde şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 10-njy fewralda Diplomatik işgärler güni hökmünde bellenen kararyna 20 ýyl dolýandygyny we bu ugurda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdi.
Ilçi şeýle-de iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi, Türkmenistanyň halkara meselelerine bolan çemeleşmeleriniň Russiýanyň garaýyşlary bilen gabat gelýändigi, şeýle-de dostlukly döwletleriň dünýä tendensiýalaryna laýyklykda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerledýändigi barada nygtady.
Ol aýratyn-da, çykyşynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk tejribesine üns çekmek bilen, bu döwürde baglaşylan ylalaşyklar we şertnamalar, olaryň ähmiýeti, şeýle-de halkara guramalarynyň işiniň çygryndaky özara bähbitli çözgütler dogrusynda durup geçdi.
Diplomat türkmen kärdeşlerini öz ýurdunda şu gün giňden bellenilýän Diplomatik işgärleriň güni, şeýle-de ýetip gelýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen mähirli gutlap, olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Also read: