Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri 17-nji oktýabrda açyldy. Şol gün dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylmagy mynasybetli ýörite dabara hem-de Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurduň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi geçirildi.
18-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi, şol gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Halk senetçiliginiň häzirki zaman ösüşi atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa, Aşgabat kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň kino sungatynyň bilermenleriniň duşuşygy geçirildi hem-de Aşgabat kinoteatrynda Ibn Fadlan we Tarlan atly tatar kinofilmleriniň görkezilişi guraldy.
Şu gün bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurduň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi öz içini dowam etdirdi. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti dabara gatnaşyjylara ýakymly täsir galdyrdy. Dabarada ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar medeniýet we sungat arkaly halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilýändigine şaýatlyk etdi.