Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Ýurduň paýtagty Phenýan şäherine baran Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putini Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn howa menzilinde garşylady.

Geçiriljek gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda Günbatar tarapyndan gözegçilik edilmeýän söwda mehanizmleriň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Şol çäkde ylalaşyk resminamalaryna gol çekilmegine garaşylýar.

Putiniň Demirgazyk Koreýa sapar guramagyny "Oňyn" hereket hökmünde häsýetlendiren Hytaý, Russiýa-Demirgazyk Koreýa gatnaşyklarynyň sebitde durnuklylyga we parahatçylyga goşant goşjakdygy bilen bagly tamalaryny Günorta Koreýa ýetirdi.

ABŞ bolsa Russiýa-Demirgazyk Koreýa gatnaşyklaryndan biynjalyk bolýar.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýa saparyndan soň Wýetnama geçer.

Ýene degişli makalalar

Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi
ABŞ Demirgazyk Koreýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi