Aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Lipesk sebitinden 40 töweregi telekeçiniň Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko mälim etdi diýip, TASS ýazýar.
Onuň sözlerine görä, Russiýanyň Söwda-senagat palatasy Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri iş alyp barýar.
Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik forumyndan soň öňümizde täze bir wezipe goýmagy makul bildik. Ýagny, her iki aýda haýsydyr bir sebitiň Söwda-senagat palatasynyň wekiliýeti degişli pudakdaky kärdeşleri bilen iş alyp bararlar diýip, Wladimir Padalko gürrüň berýär.
Ol ilkinji iş saparynyň Lipesk sebitiniň wekiliýetiniň paýyna düşendigini aýtdy. Aprel aýynda sebitden 40 töweregi telekeçi Türkmenistana iş sapary bilen geler. Russiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti: Sebitiň telekeçileri metallurgiýa, gök önümleri ösdürip ýetişdirmek, azyk önümleriniň söwdasy, durmuş enjamlaryny we awtoulag tekerlerini öndürmek ýaly ugurlarda işleýärler diýdi.