Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: Türkmenistanda rus diline uly üns berilýär

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary: Türkmenistanda rus diline uly üns berilýär

Türkmenistanda rus diline uly üns berilýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilen bu duşuşygyň dowamynda bilelikdäki gün tertibini düzýän ençeme meselelere seredildi, rus diliniň ýaýramagy, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Nygtalyşy ýaly, Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär.

Owerçuk duşuşygyň örän dostlukly we mähirli ýagdaýda geçirilendigini aýtdy. Ol:

Indiki ýylyň başynda hökümetara komissiýanyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirýäris. Onuň çäginde öňümizde goýan maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederis we täze meýilnamalary düzeris-diýdi.

Ýene degişli makalalar

Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy
Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy
R.Meredow bilen A.Owerçuk türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar