
Russiýa et önümçiligi boýunça dünýäde dördünji orna çykdy diýip, ýurduň Premýer-ministri Mihail Mişustin habar berdi. Onuň: Biziň ýurdumyz iri önümçilikçileriň, mysal üçin, dünýäde et öndürmek boýunça ilkinji dörtlügine girdi diýen sözlerini RIA Nowosti çap etdi.
Premýer-ministr şeýle hem üstümizdäki ýylda Russiýada oba hojalyk pudagynda esasy önümler boýunça maksatnamada bellenen görkezijileriň berjaý edilendigini habar berdi.